TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILIM-TERBIÝE, YLYM, HÜNÄR WE INNOWASIÝALAR BARADA

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILIM-TERBIÝE, YLYM, HÜNÄR WE INNOWASIÝALAR BARADA

Halkymyzyň paýhasly ýaşaýşyna “Ylymly - ozar” diýen ýörelge pugta ornaşypdyr. Türk- men ertekilerinde hem özüniň ähli baýlygyny ylym-bilim, hünär öwrenmäge bagyşlaýan gahrymanlar üstünlik gazanýarlar. Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris. Ýurdumyzyň geljegi adamlardadyr, olaryň döredijilik ukybyndadyr diýmek bilen, biz ylym - bilim ulgamyndaky netijeli işiň derwaýysdygyny nazara alýarys. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir.