
ÝEWROPA ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE BOLONÝA BILIM ULGAMYNYŇ HALKARA TEJRIBESI
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdașlygy ýörelgelerine esaslanan dașary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň köp ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Milli bilim ulgamymyzda hem, halkara ülňülerine laýyklykda, täze özgertmeler yzygiderli geçirilip durulýar. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda bilim ulgamynyň aýratynlyklaryny, bu ugurdaky halkara tejribäni öwrenmegiň derwaýysdygyny görkezýär.