
HUKUK MEDENIÝETLI WE ÝOKARY HÜNÄR BILIMLI ÝAŞLARY KEMALA GETIRMEGIŇ ÝÖRELGELERI
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek bilen, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek babatda ylmy esasly bilim özgertmeleri amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda her bir raýatyň bilim almaga hukugynyň bardygy, umumy orta bilimiň hökmanydygy, her bir raýatyň döwlet bilim edaralarynyň dürli basgançaklarynda tölegsiz (hem tölegli görnüşinde) okamaga haklydygy, döwletimiziň adamyň ukyplaryna laýyklykda, hünär bilimini elýeterliedýändigi kesgitlenilendir.