BAÝRAM HAN TÜRKMEN – WATANÇYLYGYŇ MERTLIK MEKDEBI

BAÝRAM HAN TÜRKMEN – WATANÇYLYGYŇ MERTLIK MEKDEBI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde şu ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň taryhyna täze sahypany ýazan “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly onlaýn görnüşde guralan halkara maslahaty hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ugrunyň we diplomatik strategiýasynyň hem-de ylym-bilim özgertmeleriniň täze ýüze çykmasynyň beýanyna öwrüldi.