ÝURDUMYZYŇ MALIÝE-BANK ULGAMY ÜÇIN DÖWREBAP HÜNÄRMENLER TAÝÝARLANYLÝAR

ÝURDUMYZYŇ MALIÝE-BANK ULGAMY ÜÇIN DÖWREBAP HÜNÄRMENLER TAÝÝARLANYLÝAR

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurtda durnukly durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigini 2021-nji ýylyň birinji çärýeginiň (ýanwar-mart) makroykdysady görkezijileri tassyklaýar. Esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önüm 5,9 göterim ýokarlandy, şol sanda senagat pudagynda 3,9 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 137,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 89,7 göterim berjaý edildi. Ýerli býujetiň girdeji bölegi 100,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96 göterim ýerine ýetirildi.