
ÇEPER ESERDE GAHRYMANYŇ KEŞBINIŇ AÇYLYP GÖRKEZILIŞI
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda edebiýatyň we kitabyň gymmaty barada şeýle bellenilip geçilýär: “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär (Gurbanguly Berdimuhamedow. Medeniýet halkyň kalbydyr. - Aşgabat: TDNG, 2014. 185 s.). Ýurdumyzda nusgawy şahyrlarymyzyň goşgular ýygyndylarynyň hem-de häzirki syýasy, ykdysady ösüşlerimize bagyşlanan eserleriň, taryhy-medeni mirasymyza bagyşlanan kitaplaryň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi, meşhur türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, şeýle hem dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň ene dilimizde okyjylara ýetirilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.