HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ INNOWASION USULLARY

HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ INNOWASION USULLARY

Mähriban Prezidentimiz iri taslamalary, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, öňdebaryjy innowasion önümçiligi alyp barmak üçin ýokary derejeli hünärmenleriň zerurdygyny nygtaýar. Şu wajyp meseläni çözmek maksady bilen, ýurdumyzda tehniki-inženerçilik, ulag-kommunikasiýa, maglumat-tehnologiýa, ýangyç-energetika ugurly, köp hünärli ýokary okuw mekdeplerini döretdi. Şol döredilen okuw mekdeplerinde ozalky taýýarlanýan hünärleriň üstüne täzeleriniň 50-den gowragy goşuldy. Indi biziň ýokary okuw mekdeplerimizde halkara derejeli bakalawrlar, magistrler taýýarlanylýar.