HÜNÄRMENLERIŇ DIL TAÝÝARLYGYNDA OKATMAGYŇ DÖWREBAP USULLARYNYŇ ULANYLYŞY

HÜNÄRMENLERIŇ DIL TAÝÝARLYGYNDA OKATMAGYŇ DÖWREBAP USULLARYNYŇ ULANYLYŞY

Ylymda we tehnikada oňyn tejribeleriň özleşdirmäge, iň täze tehnologiýalary ele almaga ukyply halkara derejeli hem-de iň möhüm hünär maglumatlaryndan habarly bolmak üçin daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dil syýasatynyň esasy maksadydyr. 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň bilim özgertmeleriniň düýpli ugurlarynyň biri boldy. Bu Konsepsiýa häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär.