MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ WE ÝETGINJEK TÜRGENLERIŇ IÝMITLENIŞ DÜZGÜNLERI

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ WE ÝETGINJEK TÜRGENLERIŇ IÝMITLENIŞ DÜZGÜNLERI

Gahryman Arkadagymyzyň: “Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr” diýen pähiminden ugur alnyp, ýaş ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek endigini kemala getirmek köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagy, şeýle hem adamyň ruhy we beden saglygynyň sazlaşykly ösdürilmegi milletiň saglygyna, onuň nesil daragtyna (genofonduna) oňyn täsir edýän örän möhüm şertlerdir.