
GURBANNAZAR EZIZOWYŇ DÖREDIJILIGINDE SINONIMLERIŇ STILISTIK HYZMATY
Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi çeper serişdelerediýseňbaý. Onuň sinonimleri ulanyş aýratynlygynda özboluşly döredijilik uslyby emele gelýär. Sinonimler meselesi leksikologiýanyň esasy meseleleriniň biridir. “Sinonim” sözi “manydaş” sözi bilen gabat gelse-de, bu taglymat özüniň çuň ylmylygy bilen tapawutlanýar. Bu meseläni edebiýatçy alym R. Rejebow şeýle aýdyňlaşdyrýar: “Sinonim-manylary boýunça biri-birine örän ýakyn ýa-da hut bir manyny aňladýan sözlerdir” (Rejebow R. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. - Aşgabat: 1966, 194 s.). Sinonimler ýiti täsir ediji hyzmata eýe bolup, onuň ähli görnüşine G.Ezizowyň eserlerinde duş gelmek bolýar. Sinonimler, öz gezeginde, birnäçe topara bölünýär. “Manylary ýakyn, meňzeş bolan sözler bir sinonimik hatary düzýär. Bu hataryň many gatnaşyklary dürli derejede we görnüşde bolan birnäçe sözden, söz düzüminden ybarat bolmagy mümkin. Şol hataryň içinden biri umumy ulanyşa degişli, adaty, hiç hili stilistik öwüşgini bolmadyk söz bolup, ol sinonimik hataryň dominanty - baş sözi hasap edilýär’ (Baýjanow B. Türkmen dili (Amaly kurs). - Aşgabat: 2018, 42 s.).