IŇLIS DILINDÄKI PREDLOGLAR BILEN TÜRKMEN DILINDÄKI SÖZSOŇY KÖMEKÇILERINIŇ DEGŞIRME DERŇEWI

IŇLIS DILINDÄKI PREDLOGLAR BILEN TÜRKMEN DILINDÄKI SÖZSOŇY KÖMEKÇILERINIŇ DEGŞIRME DERŇEWI

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu babatda 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda täze ylmy gözlegler geçirilip, bilim ulgamynda ýaş nesle dünýä dillerini öwretmekde berilýän bilimleriň hili has-da kämilleşdirilýär, usulyýet taýdan döwrebaplygyna aýratyn üns berilýär. Mähriban Prezidentimiz: “Ösüş ýoly bilen näçe öňe gitdigimizçe, bilim ulgamynda özgertmeleri şonça-da çalt dowam etmelidigine göz ýetirýäris” diýip belleýär.