MUGALLYMÇYLYK HÜNÄRINIŇ AÝRATYNLYKLARY
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar uly üns-alada bilen gurşalýar, olaryň okuw-terbiýeçilik işleriniň, sapak berýän mugallymlaryň hünäriniň hil dereje sine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen hem-de ähli amatlylyklary özünde jemleýän ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde bilim-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin mugallymlara giň mümkinçilikler döredilýär.