
SANLY BILIM ULGAMYNA DEGIŞLI ADALGALAR WE OLARY ÖWRETMEGIŇ USULYÝETI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak barada uly tagalla edýär. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” durmuşa ornaşdyrylýar. Bu resminama ýurdumyzyň bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna täze talaplary öňe sürdi. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda okuw meýilnamalary täzeden seljerilip, döwrebap okuw kitaplary, okuw gollanmalary taýýarlanylýar, okatmagyň innowasion usullary durmuşa giňden ornaşdyrylýar.